Aşgabat gazna biržasynyň Bilim merkezi okuw çagyrýar.

 

Aşgabat gazna biržasynyň Bilim merkezi

Aşgabat gazna biržasynyň Bilim merkezi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden aşakdaky ugurlar boýunça bilim işleri (işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak) üçin ygtyýarnama aldy:

- Gymmatly kagyzlar bazary;

- Halkara maliýe bazarlary;

- Maliýe hasabaty - 1;

- Maliýe tehnologiýasy we kiberhowpsuzlyk.

2022-nji ýyldan başlap, Bilim merkezi ýurtda täze döreýän gymmatly kagyzlar bazary üçin hünärmenleri taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy başlady. Merkeziň uçurymlary, gymmatly kagyzlar bazaryna eýýäm düşünip, onuň emele gelmegine işjeň gatnaşdylar, netijede ýurtda ilkinji dellalçylyk kärhanalary işe başlady we ilkinji korparatiw obligasiýalary çykaryldy.

Hormatly müşderiler!

Häzirki wagtda gymmatly kagyzlar bazaryň hünärmenlerini taýýarlamak boýunça Bilim merkezi, aşakdaky okuw kursyna diňleýjileri alýar: “Gymmatly kagyzlar bazary we paýdarlar jemgyýetlerinde dolandyryş”.

Okuw kurslary (gysga möhletli - bir aý) Aşgabat gazna biržasynyň ýerleşýän ýerinde 2024-nji ýylyň 26-njy martyndan guralar.

Habarlaşmak üçin: 46-26-87; 46-85-82; 46-86-05.