Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylary üçin!

Dolanyşykdaky gymmatly kagyzlar bilen birža söwdasyny guramak boýunça Aşgabat gazna biržasynyň internet resmi sahypasynda onlaýn tertipde müşderileriň sargytlaryny kabul etmek we olar bilen iş geçirmek düzgüni:

1. Gymmatly kagyzlary satyn almak ýa-da satmak isleýan müşderiler öz sargytlaryny Biržanyň resmi sahypasyna (agb.com.tm.) girip, iberip bilerler;

2. Müşderiler öz sargytlarynyň şertleri we satyn alynjak ýa-da satyljak gymmatly kagyzlar babatynda telefon ýa-da elektron salgysy arkaly Biržanyň makleri ýa-da saýlap alan brokerler bilen habarlaşyp bilerler;

Makleri +993 (12) 468627; +993 (12) 468805;

Broker +993 (12) 210217; +993 (12) 210218;
+993 (12) 957698;

3. Biržanyň makleri we brokerler bilelikde müşderileriň sargytlaryny kanagatlandyrmak boýunça (eger satyn almaga we satylmaga hödürlenýän gymmatly kagyzlaryň şertleri gabat gelen ýagdaýynda) degişli tertipde işleri geçirýärler;

4. Brokerler - Birža agzalary şu düzgüniň üçünji bölegi ýerine ýetirilenden soň müşderiler bilen duşuşyp, olaryň tabşyryklaryny kabul edýär we degişli resminamalary (broker şertnamasy, broker hasabyny açmak we beýlekiler) resmileşdirýär hem-de Birža sowdasyna gatnaşmak üçin arza bilen Birža ýüz tutýar.