"Listing" diýmek?

Listing – Birža tarapyndan gymmatly kagyzlary Biržanyň Resmi sanawyna girizmek we söwdalara göýbermek, şol sanda bahalandyrmak sanawyna girizmek boýunça Biržanyň tertibiniň jemi
Biržanyň "Listing" tertibi
1-nji ädim - gymmatly kagyzlary Biržanyň Resmi sanawyna girizmek boýunça Arza bilen ýüzlenme;
2-nji ädim - gymmatly kagyzlary Biržanyň Resmi sanawyna girizmek boýunça Biržanyň Listing tertibiniň talaplaryna laýyklykda,resminamalar bukjasyny jemlemek we tabşyrmak;
3-nji ädim - gymmatly kagyzlaryň Listingi baradaky Arza we onuň ýanyna goşulýan resminamalar Biržanyň Listing topary tarapyndan kabul edilýär we seredilýär;
4-nji ädim - Listing toparynyň oňyn netijenamasy bolan ýagdaýynda gymmatly kagyzlar 5 iş günüň dowamynda Biržanyň Resmi sanawyna girizilýär.