Maýa goýujy – öz adyndan we öz hasabyna gymmatly kagyzlary edinýän fiziki ýa-da ýuridik şahs.
Maýa goýujy gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjysy bolup durýar.
Gymmatly kagyzlary satyn almak ýa-da satmak tertibi:
1-nji ädim - Maýa goýujy satyn almak isleýän gymmatly kagyzyny saýlaýar.
2-nji ädim - Maýa goýujy gymmatly kagyzy satyn almak ýa-da satmak üçin, özüne Dellaly (Brokeri) saýlaýar.
3-nji ädim - Maýa goýujy saýlan Dellaly bilen gymmatly kagyzlary satyn almak ýa-da satmak barada ylalaşyk baglaşýar.
4-nji ädim - Dellal Birža söwdasyna gatnaşyp gymmatly kagyzlary satyn almak ýa-da satmak baradaky maýa goýujynyň tabşyrygyny ýerine ýetirýär.