“Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-niň işjeňligi barada Maglumat

“Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-niň işjeňligi barada Maglumat

 

           2012-2016-nji ýylar üçin Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde we “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-nji ýylyň 23-nji iýunyndaky 14839 belgili karary bilen “Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-i döredildi.

           “Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-i 2016-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 15172825 sanaw belgisi bilen hasaba alyndy hem-de 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda gaýtadan bellige alyndy.

           “Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-i  esasy işi Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda birža söwdalaryny guramak we geçirmek bolup durýar.

“Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-i  gymmatly kagyzlar bilen birža söwdasyny diňe onuň agzalarynyň arasynda guraýar. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gazna biržasynyň agzalary bolup biler. Gymmatly kagyzlar bazarynyň beýleki gatnaşyjylary gazna biržalarynda amallary diňe gazna biržasynyň agzalarynyň araçylygy arkaly amala aşyryp biler. Нäzirki wagtda “Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-niň agzalygyna 7 sany ýuridiki sahslar kabul edildi:

“Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-iň işjeňliginiň  maliýeleşdirilmegi esasan şularyň hasabyna amala aşyrylýar: birža geleşikleriniň bellige alynmagy üçin tölegler we gazna biržasy tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin tölegler.

 “Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-i öz işini gymmatly kagyzlar bazarynda söwdalary guramak we geçirmek boýunça Ygtyýarnamasynyň esasynda amala aşyrýar.

 “Aşgabat gazna birjasy” ÝGPJ-niň işi barada goşmaça maglumatlary, onuň agb.com.tm internet saýtynda çap edilýär.