Ýurdyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde maliýe sowatlylyk!

Ýurdyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde maliýe sowatlylyk!

 

2022-nji ýyldan bäri Aşgabat gazna biržasynyň bilim merkezi gymmatly kagyzlar bazaryň hünärmenleriniň kär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary  amala aşyrýar we bu ugurdaky ýurduň ösüşinde geçirijileriniň biri bolup durýar.

Gymmatly kagyzlar bazaryň bolup biljek gatnaşyjylar üçin geçirilýän okuw kurslar, olara gymmatly kagyzlar bazaryň hünärmenleriniň hünär synagyna taýýarlanmaga, şeýle hem kär garaşsyzlygyna baha bermegiň çäginde hünärmençilik synaglaryndan geçmäge mümkinçilik berýär.

Geçirilen gysga möhletli kurslaryň netijelerinden görnüşi ýaly, bu kurslaryň diňleýjilerinde (gazna bazaryň bolup biljek gatnaşyjylarynda) ýurduň gymmatly kagyzlar bazaryň ösüşiniň geljegi bilen gyzyklanmalaryň bardygyny görmek bolýar, bu okuw kurslaryň netijesinden soň çekişmelerde we pikir alyşmalar bilen tassyklanýar.

Hususan-da, ýurduň gazna bazaryny ösdürmek ugrundaky maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çärelerini dowam etdirmek, ýurduň gymmatly kagyzlar bazaryna gyzyklanma bildirýän ählileri üçin açyk gapy gününi guramak, şeýle hem ýurduň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça öz pikirlerini we garaýyşlaryny teklip hökmünde hödürleýrler.

Hormatly müşderiler!

Biržanyň Bilim merkezi, gymmatly kagyzlar bazaryň hünärmenlerini taýýarlamakda, “Gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işi” atly dersi boýunça okuw kursyna diňleýjileri alýar.

Okuw kurslary (gysga möhletli - bir aý) Aşgabat gazna biržasynyň ýerleşýän ýerinde 2024-nji ýylyň 25 - nji iýunyndan guralar.

Habarlaşmak üçin: 46-26-87; 46-85-82; 46-86-05.