Türkmenistanyň gymmatly kagyzlaryň ikinji bazarynyň bolup biljek maýadarlar üçin bellik

Hormatly gazna bazaryň maýadarlary, gymmatly kagyzlaryň

ilkinji eýeleri!

Ikinji bazar, gymmatly kagyzlaryň ilkibaşda ýerleşdirilenden soň, onuň çäklerinde gymmatly kagyzlaryň dolanyşygynyň bazary bolup hasaplanylýar. Emitent gymmatly kagyzlary maýadara satandan soň, maýadar ony başga bir maýadara satyp biler. Şeýlelikde, gymmatly kagyz ikinji bazara düşýär.

Gymmatly kagyzlaryň ikinji bazary - bu ilkinji gazna bazarynda oň goýberilen gymmatly kagyzlaryň söwdasy bolup geçýän bazardyr. Ikinji bazaryň kömegi bilen, gymmatly kagyzlaryň gymmatynyň ýokarlanmagynyň hasabyna  maýadarlar ep-esli girdeji gazanyp bilerler.

Maýadarlar üçin, ikinji bazarda gymmatly kagyzlary satmak ukyplylygy ýokarlandyrýar, sebäbi olar özleriniň gymmatly kagyzlaryny satyp bilerler, eger özüniň pul serişdelerini ir aljak bolsalar. Gymmatly kagyzlaryň eýeleri hatda has köp bonus gazanjak bolup ýa-da  çalt satmak üçin diskont hem saýlap bilerler.

Halkara gazna bazaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, hakykatda, ilkinji gazna bazarynda satyn alnan gymmatly kagyzlaryň esasy bölegi, olaryň gaýtdan satylmagy arkaly bazara gaýtarylýar, sebäbi maýa goýum maksatlary üçin däl-de, hümmetiniň tapawudyny almak üçin satyn alnandyr. Bu gymmatly kagyzlar eýýäm ikinji bazarda satylýar, bu ýerde gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň yzygiderli çalşylmagy bolup geçýär, ikinji bazaryň dolanyşygy ösýär, sebäbi şol bir kagyz köp gezek satyn alnyp we satylyp bilner.

Eger beýan edilenleriň hemmesini ýönekeý sözler bilen häsiýetlendirsek, gymmatly kagyzy çalt satmak mümkinçiligi näçe köp bolsa, töwekgellik pesdir we gazna bazaryň ukyplylygy ýokarydyr.

Aşgabat gazna biržasy, Türkmenistanyň ikinji bazarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmakda, bolup biljek maýdarlara, ilkinji gymmatly kagyzlaryň eýelerine kömek etmekde  öz hyzmatlaryny bermäge taýýardyr.

Telefon belgileri: 46-88-10; 46-86-27.