Bildiriş. Aşgabat gazna biržasy ÝGPJ, maýa bazary ugry boýunça diňleýjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça gysga möhletli okuwlaryň geçirilmegini dowam edýär

Aşgabat gazna biržasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamasynyň esasynda maýa bazary ugry boýunça diňleýjileri  taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça gysga möhletli okuwlaryň geçirilmegini dowam edýär.

Isleg bildirýän müşderilere ýadyna salmak ýa-da maliýe sowatlylygyny
has-da kämilleşdirmek üçin “Gymmatly kagyzlar bazarynyň infrastrukturasy” mowzugy hödürlenýär.

Okuw toparda 15 adamdan ybarat bolup gysga möhletli (bir aý), diňleýjileriň islegi boýunça türkmen we rus dillerinde geçirilip bilner.

Okuw Aşgabat gazna biržasynyň ýerleşýän ýerinde 19.05.23ý. ( sagat 18-00 hepdede 2 gezek geçiriler) başlanýar.

Kursa ýazylmak isleg bildirýän müşderiler telefon arkaly habarlaşyp bilerler: 46-86-05; 46-86-27.

Aşgabat gazna biržasy hemişe Siziň hyzmatyňyzda.