
Bildiriş
Hormatly müşderiler, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazary döwlet ykdysadyýetiniň we pul dolanyşygynyň aýrylmaz bölegidir. Gymmatly kagyzlar bazarynyň maliýe gurallaryny ulanmak bilen, Sizde bu bazarda hünärli ýa-da ýönekeý gatnaşyjysy bolmaga mümkinçilik dörär. Gymmatly kagyzlar bazary, işewürlik işiňiz üçin goşmaça pul çeşmelerini çekmäge, şeýle hem erkin serişdeleriňiz bolan ýagdaýynda, goşmaça göterim we diwidend görnüşinde girdejini almaga mümkinçilik berer. Hünär işi we gymmatly kagyzlar bazaryň gatnaşyjysy bolmak, belli bir bilim talap edýär.
Aşgabat gazna biržasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarnamasyna laýyklykda, gymmatly kagyzlar bazaryň çygrysy boýunça diňleýjiler üçin gysga möhletli okuwlary gurnaýar. Isleg bildirýän müşderiler üçin, öz maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça şu aşakdaky mowzuk hödürlenýär: “Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen amallar”. Toparyň toplanmagy bilen, okuw kursy 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabryndan başlamak meiýleşdirilýär. Kurslara ýazylmak we şertler bilen tanyşmak isleýän müşderiler telefon arkaly habarlaşyp bilerler: 46-86-27 ýa-da 46-85-82.
Salgymyz: Aşgabat, Beýik Türkmenbaşy şaýoly, 126-njy jaý. Aşgabat gazna biržasy hemişe Siziň hyzmatyňyzda.