...

Listinga goşulan täze kärhana

“Lebap et önümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6 000 000 manat bolan we her biriniň nominal bahasy 100 manat bolan obligasiýa göýberilişi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alyndy we “Aşgabat gazna biržasynyň” Listing sanawyna goşuldy.

“Lebap et önümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň obligasiýalaryny satyn almak üçin Gazna biržasynyň hünärmenleri we dellala (brokera) aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

“Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ – 46-86-05; 46-86-27

“Ynamly dellal” HJ – 95-76-98