...

“Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ-i

 “Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ-i “Ynamly dellal” HJ we “Degirmen maýa goýum” AGPJ-i bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi barada maslahat duşuşygyny geçirdi. Geçirilen maslahat duşuşygyna gymmatly kagyzlar bazaryna gyzyklanma bildirýän maliýe guramalaryň, hususy pudaklaryň, bilim edaralarynyň, halkara guramalarynyň 60-a golaý wekilleri gatnaşdy.

Geçirilen maslahat duşuşygynda  “Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ-niň, “Ynamly dellal” HJ-niň, “Degirmen maýa goýum” AGPJ-niň we emitent-kärhanalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda gymmatly kagyzlar bazarynyň ýagdaýy we onuň ösüş mümkinçilikleri barada aýdylyp geçildi. Şeýle-hem, Türkmenistanyň maliýe bazarynyň gazna bazaryny ösdürmekde wajyp oruny eýeleýändigi babatynda duşuşyga gatnaşyjylara giňişleýin beýan edildi. Maslahat duşuşygynyň dowamynda emitent-kärhanalar öz alyp barýan işleri bilen duşuşyga gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Maslahat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler bazaryň gatnaşyjylaryny (emitentler, maýadarlar, hünärli gatnaşyjylary,birža) bir platforma birikdirmegiň mümkinçilikleri barada hem durup geçdiler.

Şeýle-hem duşuşygyň dowamynda emitentler tarapyndan hödürlenilýän gymmatly kagyzlary satyn almak boýunça müşderiler bilen özara ylalaşyklar gazanyldy.

Maslahat duşuşygynyň dowamynda diňleýjiler we çykyş edenler Türkmenistanda gymmatly kagyzlary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.