B I L D I R I Ş

Hormatly müşderiler, gymmatly kagyzlar bazary döwlet ykdysadyýetiniň we pul dolanyşygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gymmatly kagyzlar bazaryň maliýe gurallaryny ulanmak bilen, Sizde bu bazaryň gatnaşyjysy bolmaga mümkinçilik dörär. Gymmatly kagyzlar bazary, işewürlik işiňiz üçin goşmaça pul çeşmelerini çekmäge, şeýle hem erkin serişdeleriňiz bolan ýagdaýynda, goşmaça göterim we diwidend görnüşinde girdejini gazanmaga mümkinçilik berer. Gymmatly kagyzlar bazaryň gatnaşyjysy bolmak, belli bir bilimi talap edýär.

Aşgabat gazna biržasy, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarnamasyna laýyklykda, gymmatly kagyzlar bazaryň çygrysynda diňleýjiler üçin gysga möhletli okuwlary gurnaýar.

Maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça isleg bildirýän müşderiler üçin, şu mowzuk hödürlenýär: “Gymmatly kagyzlar bazary ykdysadyýeti maliýeleşdirmegiň çeşmesi hökmünde”. Toparyň toplanmagy bilen, okuw kursy 2024-nji ýylyň 08-nji oktýabryndan başlamak meýileşdirilýär.

Kurslara ýazylmak we şertler bilen tanyşmak isleýän müşderiler şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilerler: 46-86-27, 46-86-05, 46-85-82.

Salgymyz: Aşgabat, Beýik Türkmenbaşy şaýoly, 126-njy jaý.

 Aşgabat gazna biržasy hemişe Siziň hyzmatyňyzda.