Başlangyç maýa goýujynyň möhletinden öň batmazlygy üçin, näçe we haýsy aýda ýitgi çekjekdigi barada maliýe meýilnamasy bolmalydyr.
Dürli gymmatly kagyzlar dürli usullar bilen pul gazanýarlar. Maýa goýmazdan ozal anyk bir gymmatly kagyzyň girdejisiniň nämelere baglydygyny öwrenmeli.
Gymmatly kagyzyň girdejisi – onuň dürli döwürlerde baha herekedinden emele gelen we göterim derejesinde görkezilen oňyn aratapawutdyr.Başgaça aýdanyňda, girdeji gazanmak üçin arzan bahadan satyn alyp ýokary bahadan satmaly. Bu aratapawut girdeji bolup durýar. Gymmatly kagyzlardan gelýän girdejileriň aşakdaky görnüşleri bar:
Girdejiler gymmatly kagyzlaryň görnüşine baglydyr.
Paýnama – Belli bir kompaniýanyň girdejisiniň bir bölegini almaga mümkinçilik berýän gymmatly kagyzyň görünişi bolup durýar, sebäbi alyjy aksiýany satyn almak bilen kompaniýanyň paýdary ýagny belli bir böleginiň eýesi bolýar. Aksiýalardan pul gazanmagyň iki ýoly bar: ilkinjisi diwidendler we ikinjisi gymmatly kagyzlaryň ýokarlanan bazar bahasyndan gaýtadan satylmagy.
Obligasiýa – obligasiýanyň eýesiniň paýdardan tapawudy, obligasiýanyň eýesi kompaniýanyň paýdary däl-de, kompaniýa karz serişdelerini berijisi bolup durýar. Obligasiýalardan girdeji gazanmagyň iki ýoly bar: Ilkinjisi, obligasiýanyň möhletiniň dowamyna laýyklykda kesgitlenen göterimiň kompaniýa tarapyndan obligasiýanyň eýesine tölemek borjy; Ikinjisi, obligasiýalaryň nominal we bazar bahalaryndaky, ýa-da satyn alyş we satyş bahalarynyň arasyndaky oňyn tapawut.