Maýa goýujylaryň uzak möhletli esasy maksady - salgytlardan soň hakyky has ýokary girdejiligi üpjün etmek.
Gymmatly kagyzlar bazary - paýnamalaryň, obligasiýalaryň we beýleki aktiwleriň söwda edilýän ýeri. Ol adalatly bahalary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Gymmatly kagyzlar bazaryň birnäçe alamatlary bar bolup durýar, meselem:
- onda belli bir söwda meýdançasy bardyr, meselem Aşgabat gazna biržasy;
- ülňüleri we wagty boýunça söwda tertipleri bellenilen;
- geleşikleriň resmileşdirilişiniň ählisi merkezleşdirilen;
- bazar gatnaşyjylarynyň ählisiniň işi ygtyýarly edara tarapyndan gözegçilik edilýär;
- gymmatly kagyzlaryň resmi bahasy bardyr.
Biržada hünärli gatnaşyjylary işleýärler - bu onuň maýa goýum bölegi. Olaryň arasynda gymmatly kagyzlaryň söwdasyna gönüden-göni gatnaşýan banklar, dellallar, dilerler we beýleki guramalar.
Tehniki gatnaşyjylary söwda prosesini üpjün etmek bilen meşgullanýarlar - kliring merkezleri, depozitariýalar, bellige alyjylar (registratorlar).
Biržanyň işiniň möhüm bölegi maglumat üpjünçiligi bolup durýar, ol işewür metbugaty we maglumat gulluklary bilen özara baglanyşyklydyr.
Gymmatly kagyzlaryň söwdasyna 3 görnüşli gatnaşyjylary gatnaşýarlar:
emitentler – ýuridiki şahslar, olar özüniň gymmatly kagyzlaryny goýberýär we satýar;
maýadarlar - fiziki ýa-da ýuridiki şahslar, olar gymmatly kagyzlary satyn alýar;
hünärli gatnaşyjylar - ýuridiki şahslar, olaryň işjeňligi resmi taýdan birža bilen baglanyşykly (dellallar, olar maýadarlaryň adyndan geleşikleri baglaşýarlar, banklar, dilerler we kompaniýalaryň dolandyryjylary).
Hususy maýadar biržada özbaşdak söwda amala aşyryp bilmez, şol sanda gymmatly kagyzlar bazarynda. Söwda platformasyna girmek üçin oňa hünärli - dellal gerek bolup durýar, onda aktiwler bilen geleşikleri baglaşmaga mümkinçilik berýän ýörite ygtyýarnamasy bar bolup durýar. Olar ýaly araçy bolup fiziki şahs däl-de dellal kompaniýasy çykyş edýär.
Dellal saýlamakdan başga-da, dellal hasabyny açmak zerurlygy bardyr - oňa maýadar serişdeleri geçirer, dellal bolsa ol serişdeleri gymmatly kagyzlary satyn almak üçin ulanar we tersine, olary satmak üçin.
Dellal salgyt gullukçysy hökmünde hem çykyş edip biler. Haçanda maýadar geleşiklerden girdeji alanda, ol girdejiden girdeji salgydyny tölemelidir. Dellal ähli hasaplaşyklary amala aşyrýar we borçnamalardan arassalanan pul serişdeleri maýadaryň dellal hasabyna geçýär.
Geleşik amala aşyrylanda we gymmatly kagyzlar eýeçilige satyn alnanda, olar baradaky ýazgysy we gymmatly kagyzlaryň özi depozitariýada saklanýar. Bu maliýe bazarynyň gatnaşyjysydyr, ol aktiwleri saklaýar we hasaba alyş ýazgysyny edýär.
Dellalyň we depozitariýanyň hyzmatlary elmydama töleglidir, olar göterim görnüşinde geleşige goşulyp bilner ýa-da bellenen nyrhnama boýunça aýratyn tölenip bilner.